Resminamalar

Domen adyny bellige almagyň tapgyrlary

1   Resminamalary ýükläň.

2   Resminamalary dolduryň we biziň elektron poçtamyza turkmendomain@online.tm iberiň (şertnamanyň we beýleki resminamalaryň asyl nusgalary Milli bellige alyja gowşurylmalydyr).

3   Jogabymyza garaşyň.

4   Jogap alanyňyzdan soň, tölegiňizi geçirip şahadatnama alyp bilersiňiz.

Türkmenistanda hasaba alynan ýuridik şahslar üçin domenyň bahasy

GOV.TM

1556 TMT /ýyl

EDU.TM

1556 TMT /ýyl

MIL.TM

1556 TMT /ýyl

CO.TM

1765 TMT /ýyl

NET.TM

1765 TMT /ýyl

COM.TM

1765 TMT /ýyl

Daşary ýurt raýatlary üçin domeniň bahasy

Şertnama baglaşmak üçin telekeçi tarapyndan gerekli resminamalaryň sanawy

  • Ýüz tutma we arza
  • Domen administratorynyň pasport nusgasy we şahsy maglumaty
  • Hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy
  • Şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýulandygy hakynda Şahadatnamanyň göçürmesi
  • Domeni bellige almak boýunça şertnamanyň 2 nusgasyny üpjün etmek
Bu ýerde domeni bellige almak üçin gerekli resminamalary göçürip alyp bilersiňiz

Şertnama baglaşmak üçin ýüridiki şahs tarapyndan gerekli resminamalaryň sanawy

  • Ýüz tutma we arza
  • Domen administratorynyň pasport nusgasy we şahsy maglumaty
  • Domen administratory jogapkär edip bellenendigi barada içki buýrugyň nusgasy
  • Ýuridiki şahsyň Tertipnamasynyň (Düzgünnamasynyň) nusgasy
  • Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky Şahadatnamanyň nusgasy
  • Domeni bellige almak boýunça şertnamanyň 2 nusgasyny üpjün etmek
Bu ýerde domeni bellige almak üçin gerekli resminamalary göçürip alyp bilersiňiz

Goşmaça domen adyny almak boýunça şertnama baglaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy

  • Ýüz tutma we arza
  • Goşmaça domen adyny almak boýunça şertnamanyň 2 nusgasyny üpjün etmek
Bu ýerde goşmaça domen adyny almak üçin gerekli resminamalary göçürip bilersiňiz