Kiberskwotting

22.12.2020

Cybersquatting (kiberskwotting, domenleri ele almak) — hyýanatçylykly peýdalanmak ýa-da gaýtadan satmak maksady bilen korporatiw markalaryň, meşhur internet saýtlaryň ýa-da belli bir söwda belgileriň atlaryna ýazylyşyna meňzeş dürli domen atlaryny bellige almak arkaly internetde girdeýji gazanmak boýunça usullaryň biridir.

Şeýle görnüşli domenleri eýelemegi, kanun tarapdan şol internet saýtlaryň we domen atlaryň hakyky eýelerinden, söwda belliklerden, täze kompaniýalardan belli bir mukdarda töleg talap etmäge mümkinçilik berýär. Bolmasa-da, şol internet saýtlaryň we domen atlaryň meşhurlygyndan peýdalanyp, tötänleýin gelýänleriň (nädogry adrese gelenleriň) köp bolmagy sebäpli, şol ele alynan internet saýtlarda ýerleşdirilen mahabatlardan girdeýji gazanyp bilerler.

Kiberskwottingyň görnüşleri

Ele salynan internet saýtlaryň ulanyş görnüşleri kiberskwotteryň maksatlaryna we işleýän ugruna bagly bolýar:
• Marka kiberskwotting. Bu ugur kompaniýalaryň atlary, söwda bellikleri, meşhur atlary, başgaça aýdylanda kanun bilen goralýan şahsylaşdyrma serişdeleri bilen bagly domenleri bellige almakda esaslanýar.
• Taýpskwotting. Bu prinsip, köp sanly traffikly domen atlarynyň ýazylyşyna ýakyn internet saýtlary bellige alynmakda esaslanýar, takyk salgysyny girizeniňizde ulanyjynyň ýalňyşlyklaryny hasaplaýar. Mysa üçin, esasy internet saýtynyň domen ady www.example.com ýalnyşlykly ýazylyp www.exampl.com internet saýtyna ulanyjyny ugrukdyryp biler. Ýazylyşy asyl internet saýta meňzeş bolan saýtda düýbünden islendik mahabat ýerleşdirip bilýärler.
• Gorama kiberskwottingy. Web sahypanyň hakyky eýesi, öz sahypasynyň asyl adyna meňzeş, manysy bir bolan sözli hem semantik baglanşykly domen atlaryny özbaşdak bellige alýar. Muny kiberskwotterlardan özüni we öz web sahypasyny goramak we howpsuzlygy üçin edilýän zerur çäresi bolýar. Mundan başga-da, birnäçe domeniň eýesi bolmak bilen, eýesi olary müşderileri ikinji sahypalardan esasy sahypa ugrukdyrmak üçin netijeli ulanyp biler.

Kiberskwottingyň hereketleriniň maksady
Asyl internet saýtlaryň ýa-da söwda bellikleriň hakyky eýelerine haýýarlyk etmek we talamak maksady bilen domen atlaryny bellige alýan adama kiberskwotter diýilýär. Ele alynan saýtlarda kompaniýanyň özi we işi barada negatiw maglumatlary ýerleşdirip, abraýyny bozup, bäsdeşleriniň mahabat önümlerini ýerleşdirip biler.