Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli elektron-poçta hödürlendi

24.12.2020

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara serginiň çäginde "Türkmenaragatnaşyk" agentligi "Sanly.tm" atly täze milli elektron poçtanyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

"Sanly.tm" atly täze häzirki zaman elektron-poçtasy «Türkmentelekom» elektrikaragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan biziň ýurdumyzda elektron hyzmatlaryna bolan islegiň artmagy bilen baglanyşykly döredildi we işe girizildi.

"Sanly.tm", häzirki zaman poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän modullary öz içine alýar, şol bir wagtyň özünde milli äheňde düzülen dizaýny bar. Bir ulanyja berilýän poçta gutusynyň ululygy 1 GB-deňdir.

Programmada şu aşakdaky aýratynlyklar bar:
Poçta;
Senenama
Salgy kitaby;
Bellikler kitaby;

Elektron-poçta hyzmatlary ulanyjylara ulanmaklyk üçin mugt berilýär.
Sanly.tm-de poçta gutusyny ädimme-ädim hasaba almaklygyň usullary

1-nji ädim. Kompýuterde gurnalan brauzere sanly.tm salgy setirini ýazyp, milli elektron poçta sahypasyny gözletmeli. Sanly.tm sahypasy açylandan soň, «Poçta döretmek» diýen ýazga basmaly
2-nji ädim: Açylýan penjirede sowalnamany ygtybarly maglumatlardan doldurmaly. Ulanyjy sowalnamanyň ady we familiýasy diýen ýerine adyny we familiýasyny, doglan senesi diýen ýerine bolsa doglan gününi, aýyny we ýylyny ýazmaly. Ondan soň jynsy diýen ýerine erkek bolsa erkek, zenan bolsa zenan diýip görkezmeli. Ulanyjy ady diýen ýerine döredýän e-poçtaňyz üçin öz isleýän adyňyzy ýazmaly. Parol diýen ýerine ýatda galyjy söz ýazmaly. Ýöne, ulanyjy üçin, çylşyrymly parol ýazmaklyk, onuň howpsuzlygy üçin has amatlydyr. Sowalnamanyň «Telefon: + 993ХХХХХХ» diýen ýerine mobil telefon belgiňizi girizmeli we bu poçta gutusyndan paroly dikeltmeli.
3-nji ädim. Indiki ekranda ýörite girmeklik üçin ýer görkeziler. Hasaba alnanda görkezilen mobil telefon belgä tassyklama kody gelýär. Bu kody ýörite niýetlenilen ýere girizeniňizden soň «Barlamak» düwmesine basyň.
4-nji ädim. Şu ädime çenli milli elektron poçtany açmaklyk üçin ädilen ädimler dogry ýerine ýetirilen bolsa, ulgam girmeklik üçin sahypa ugrukdyrar. Ulanyjy ady we paroly diýen ýerine ozal hasaba alnanynda girizilen maglumatlary ýazmaklyk bilen «Giriş» düwmesine basyň we Sanly.tm programmasynyň ähli funksiýalaryny doly ulanmaga başlaň.