ICANN75 ýygnagy

14.10.2020

LOS ANGELES - 2020-nji ýylyň 7-nji awgusty – ICANN halkara guramasy, ICANN75 ýygnagyny geçirmeklik üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň saýlanandygyny habar berdi. Her ýylky umumy ýygnak 2022-nji ýylyň 17-22-nji sentýabrynda Kuala-Lumpur şäheriniň ýygnak merkezinde (KLCC) geçiriler. ICANN dünýäniň dürli sebitlerinde her senenama ýylynda üç gezek köpçülikleýin ýygnak geçirýär. Kuala-Lumpurdaky ýygnak Aziýa-Ýuwaşumman sebitine wekilçilik eder. ICANN jemgyýetçilik ýygnaklary ICANN-yň köp taraply modeliniň merkezi bölegi bolup, bu ýygnaga gatnaşmaga isleg bildiren taraplaryň gatnaşmagy bilen syýasaty ösdürmekde, işi kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribäni paýlaşmakda, işewürlik şertnamalaryny baglaşmakda hem-de ICANN -yň beýleki bileleşikleriniň agzalary, dolandyryş guramalary bilen işleşmekligi üpjün edýär.
Adatça 400-den gowrak dürli sessiýadan ybarat bu ýygnaklar, ICANN-yň dürli gyzyklanýan taraplarynyň wekilleri we wekilleri üçin ICANN-yň syýasaty ösdürmek işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik berýär. Gatnaşýan şahslar özi gelip ýa-da onlaýn gatnaşyp bilerler. Duşuşyklar hemmeler üçin açyk, hasaba alyş mugt.