Türkmen Domen

12.11.2020

Hakyky işewür pikiriňiz bar bolsa ýa-da işiňizi täze derejä çykarmak üçin mahabat ýerleşdirmeli bolsaňyz we Türkmenistanda bolsaňyz, ".TM" domeniň ähtimallygy ýokarydyr.

Domen- özboluşly domen ady bilen kesgitlenen internetiň iýerarhiki at giňişliginiň domen zolagy, domen at serwerleriniň toplumy (DNS) tarapyndan saklanýar we merkezi domen administratory tarapyndan dolandyrylýar. Her bellige alnan domen ady üçin bir administrator bolýar.
Administrator - domena jogapkär edip bellenilen fizik ýa-da ýuridiki şahs.

Ikinji derejeli domenlar- GOV.TM, EDU.TM, COM.TM we.ş.m.

Internetiň ösmegi bilen "owadan" domen atlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Dünýäde bellige alnan domenleriň umumy sany 296 milliondan geçýär hem-de erkin, owadan we gysga domen adyny tapmak kynlaşýar. Muňa, domen atlaryny bellige alýan, ikinji derejeli bazardaky domenleri satyn alýan we satýan, bellige alnan domenlerde mahabat, hosting hyzmatlary, hukuk guramaçylygy we ş.m işler bilen meşgullanýan kompaniýalary öz içine alýar.

Müňlerçe kompaniýanyň biznes.com.tm domeninde resmi web sahypasyny edinmek isleýändigi çak edilýär. Häzirki wagtda ".TM" zonalaryndaky islendik domeniň täjirçilik gymmaty bardyr.

Mundan öň, 2015-nji ýyldan başlap com.tm, edu.tm we gov.tm domenlerini bellige almak hyzmaty “Turkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýardy. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, biziň ýurdumyzda domen atlaryny bellige almak hyzmaty Türkmenistanyň «Milli utgaşdyryjy domen merkezi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
Domen ady - (ýa-da domen) bu aňsat ýatda galyjy web saýdyň ady bolup, internetda belli bir IP salgysyna baglanylýar. Islendik şahs domen alyp biler. Munuň üçin domen bellige alyjynyň web sahypasyna girmeli, eýelenmedik at saýlamaly we ulanmak üçin her ýyl belli bir mukdarda töleg tölemeli.

Domen howpsuzlygy
«.TM» domenini ogurlamak mümkin däl diýen ýaly. Domen administratoryny üýtgetmek üçin resminamalar bilen bellige alýan edaranyň ýanyna gelmeli ýa-da notarial edaradan ynanç hatyny görkezmeli. Şol sebäpli «.TM» zonasynda domen ogurlygy gaty seýrek bolup biler. Halkara domenler has ýygy-ýygydan ogurlanýar, sebäbi ol ýerdäki administratory çalyşmak üçin bellige alyjyda şahsy otagy (akkaunt) döwmek ýeterlikdir.

Häzirki wagtda COM.TM zonasynda 211 domen bar we ol häzirem ösýär we telekeçiler üçin iň islenýän domen zolagy bolup durýar. Şonuň üçin dogry domen zonasynda taslamaňyz üçin laýyk domen tapmaga hemişe mümkinçilik bar. Esasy zat munuň üçin isleg bildirmek.