2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ICANN we RIPE NCC halkara guramalarynyň bilelikde wideoaragatnaşyk ýygnagy

22.12.2020

2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ICANN we RIPE NCC halkara guramalarynyň bilelikde wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda agzalan meseleler barada Maglumat

Çykyş edenler: Maksim Burtikow, Aleks Semenýaka, Mihaýil Anisimow.
Duşuşygyň temalary:
IPv6 barada umumy düşünjeler, bütindünýäde ulanylşy we ösüşi;
5G tehnologiýanyň ösüşi;
DNSSEC barada umumy düşünje, kesgitlemesi we täzelikler;
GAC hökümetler bilen hyzmatdaşlygy.

IPv6 barada Alex Semenýakanyň çykyşynda IPv6 salgysy 1998 ýylda döredilip 2000-2005-nji ýyllarda esasy öndürijiler tarapyndan goldanylýandygy , şeýle hem tor enjamlaryny öndürijileriň arasynda kabul ederlikli ylalaşyk diňe 2012-2014-nji ýyllarda gazanylandygyny aýtdy. IPv6 salgylaryň sany 3,4×103 ^8 deň bolup, IPv4-däki salgylaryň sanyndan (4,3×109) köpdir. Esasy ýörelgeler IPv4 salgylarynda bolşy ýaly, ýöne olar bir adresi beýlekisine çalyşmak üçin ýeterlik däldigini belledi.

IPv6 ulanylşy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda T-Mobile 2013-nji ýylda diňe IPv6 salgylar esasynda işleýän ykjam torunyň işe göýberlendigini we häzirki wagtda bu ykjam torlarynda ulanylýan internet maglumatlary 80% göterimden gowrak bolup, olar IPv6 salgylarynda işleýändigini belledi.
Hindistanda Reliance Jio 100% göterim IPv6 salgysy esasynda işleýän VoLTE 4G ykjam torundaky 90% göterimden gowrak müşderileriniň IPv6 salgysyny ulanýandygyny belledi.
Ýaponiýanyň aragatnaşyk operatorlarynyň içinden Kokusai Denshin Denwa Nippon Idou Isuashin korporasiýasynda 42% göterim we Softbank kompaniýasynda 34% göterim IPv6 salgysynyň ulanylýandygyny belledi.

5G Tehnologiýasy barada Alex Semenýakanyň çykyşynda 5G tehnologiýasynyň esasy subut edilen doly ösen çemeleşmedigini hem-de telekommunikasiýa senagatynyň muňa taýyndygyny belläp, bu 5G tehnologiýasyny uýgunlaşdyrmak maglumat tehnologiýalaryny netijeli goldamagyň bir nyşany bolup durýandygy 5G infrastrukturany oýlap tapmagyň ilkinji döwürlerinden başlap hasaba alynandygyny hem-de bu tehnologiýa IPv6 salgysy bolan mümkinçilikleri bilen döredilendigini belledi.

DNSSEC barada Mihail Anisimowyň çykyşynda DNSSEC domen atlary ulgamynyň howpsuzlyk guraly bolup, onuň häzirki wagtda DNS howpsuzlygy üçin işe girizilýän protokoldygyny aýdyp, DNSSEC DNS-yň iýerarhiýasyna açyk kriptografiýa açaryny girizip we munuň bilen ýeke-täk açyk global (PKI) açarlaryň infrastrukturasyny döredip onuň howpsuzlygyny ýokarlandyrýandygyny belledi. DNSSEC 10 ýylyň içinde jemgyýetiň güýji bilen açyk standartlary ösdürmegiň netijesidir diýip belledi.

DNSSEC kim üçin gowy?

GAC hökümetler bilen hyzmatdaşlygy barada Mihail Anisimow öz çykyşynda GAC ICANN-nyň maslahat berýän komitetiniň Döwlet syýasatyny ösdürmek boýunça geňeşidigini belledi. Onda 178 agza bolup, olar milli hökümetlerden we aýratyn ykdysadyýetçilerden hem-de 36 synçy bolup, olar köpmilletli hökümetden, şertnama guramalaryndan ybaratdygyny aýtdy.